Rest and Sleep


  • Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, Goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň. Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, Köpler saňa ýaranjaňlyk ederler. Eýýup 11:18,19
  • Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni. Zebur 3:5
  • Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň. Zebur 4:8
  • Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan, Zebur 91:5
  • Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir. Zebur 127:2
  • Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň. Süleýmanyň pähimleri 3:24
  • Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi. Wagyz kitaby 5:12
  • Olar rahatlyga gowuşýarlar; öz ýerlerinde dynç alýarlar, dogrulykda gezýänler. Işaýa 57:2
  • Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz, şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz, Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn; Ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin. Muny Reb aýdýandyr. Işaýa 58:13, 14
  • Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. 1 Korintoslylara haty 10:31
  • Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar. Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr. Ýewreýlere haty 4:9,10