Parahatçylyk
- Sen bolsaň uzak ýaşap, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň. Gelip çykyş 15:15
- Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn! Zebur 29:11
- ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma. ע Zebur 34:14
- Päli pes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler. ז Zebur 37:11
- Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar. Zebur 37:37
- Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin, olar asla büdremez. Zebur 119:165
- Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar. Zebur 120:7
- Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar. Süleýmanyň pähimleri 16:7
- Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty; urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty. Ynsanyň paýy Wagyz kitaby 3:8
- Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar. Işaýa 9:6
- Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar. Işaýa 26:3
- Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr. Işaýa 32:17
- Ähli çagalaryň Rebden tälim alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar. Işaýa 54:13
- Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar. Işaýa 55:12
- Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb. Işaýa 57:21
- Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler. Işaýa 59:8
- Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler. Ýermeýa 6:14
- Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir. Ýermeýa 29:11
- Emma Men ol şähere ýene saglyk we şypa bererin, olary sagaldaryn, olara abadançylyk we parahatlyk eçilerin. Ýermeýa 33:6
- Gorky gaplanda, olar parahatçylyk agtararlar, ýöne tapmazlar. Ezekiýel 7:25
- Ezekiýel 13:16
- Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar. Danyýel 8:25
- Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez. Danyýel 11:24
- Ine, size hoş habar getirýän, Parahatçylygy jar edýän çapar Daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, Beren wadalaryňy berjaý et, Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, Çünki olar bütinleý ýok edilerler. Nahum 1:15
- Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy. Malaky 2:5
- Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler. Mattanyň Hoş Habary 5:9
- Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamyňyz olaryň üstüne geler. Öýdäkiler mynasyp bolmasa, salamyňyz özüňize döner. Mattanyň Hoş Habary 10:13
- Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. Mattanyň Hoş Habary 10:34
- Isa turup, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýdi. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk boldy. Markusyň Hoş Habary 4:39
- Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi. Markusyň Hoş Habary 5:34
- Duz gowy zatdyr, ýöne duz şorlugyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? Içiňizde duz bolup, araňyzda parahatlyk bolsun». Markusyň Hoş Habary 9:50
- aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün kimin ýokarlardan bizi idemäge geler». Lukanyň Hoş Habary 1:79
- «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!» Lukanyň Hoş Habary 2:14
- Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi. Lukanyň Hoş Habary 7:50
- Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Bu öýe parahatlyk!" diýiň. Lukanyň Hoş Habary 10:5
- Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar Lukanyň Hoş Habary 14:32
- Olar: «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, iň ýokarlarda şöhrat!» diýýärdiler. Lukanyň Hoş Habary 19:38
- Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi. Lukanyň Hoş Habary 24:36
- Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin. Men muny, dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gysmasyn, gorkmaň. Ýahýanyň Hoş Habary 14:27
- Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin». Ýahýanyň Hoş Habary 16:33
- Hudaýyň Rimdäki ähli eý görýänleri we mukaddeslige çagyrylan size Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih merhemet etsin, parahatlyk bersin. Pawlus Rimdäkileri küýseýär Pawlusyň Rimlilere haty 1:7
- Olaryň ugran ugry weýrançylyk bilen zorlukdyr. Olar parahatlyk ýoluny bilmediler, gözleriniň öňünde Hudaýdan gorkma ýok» diýlip ýazylandyr. Pawlusyň Rimlilere haty 3:16-18
- Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr. Pawlusyň Rimlilere haty 5:1
- Çünki tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr. Pawlusyň Rimlilere haty 8:6
- Iberilmeseler, nähili wagyz ederler? Şeýle hem ýazylgydyr: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!» Pawlusyň Rimlilere haty 10:15
- Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň. Pawlusyň Rimlilere haty 12:18
- Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr. Pawlusyň Rimlilere haty 14:17
- Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň. Pawlusyň Rimlilere haty 14:19
- Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly, umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin. Mesihiň hyzmatkäri Pawlusyň Rimlilere haty 15:13
- Parahatlyk Hudaýy siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn. Pawlusyň Rimlilere haty 15:33
- Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! 1 Korintoslylara haty 1:3
- Ýöne iman etmedik aýrylsa, goý aýrylsyn. Dogan ýa-da aýal dogan beýle ýagdaýlarda bagly däldir. Hudaý bizi parahat ýaşamaga çagyrandyr. 1 Korintoslylara haty 7:15
- Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr. 1 Korintoslylara haty 14:33
- Eý doganlar, mahlasy, şatlykda boluň! Kämil boluň, aýdýanlaryma gulak asyň, pikirdeş boluň, parahat ýaşaň, söýgi hem parahatlyk Hudaýy siziň bilen bolar. 2 Korintoslylara haty 13:11
- Galatýalylara haty 1:3
- Bu kada uýanlaryň baryna, Hudaýyň Ysraýylyna parahatlyk we rehim bolsun! Galatýalylara haty 6:16
- Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, Galatýalylara haty 5:22
- Çünki Ol biziň parahatlygymyzdyr. Ol iki tarapy birleşdirip, aradaky diwary, duşmançylygy Öz teni bilen ýykdy. Tabşyryklardan ybarat buýruklar kanunyny ýatyrdy. Ol muny Özünde ikisinden bir täze adam ýaradyp, parahatlygy berkarar etmek, Efeslilere haty 2:14,15
- Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň. Efeslilere haty 4:3
- aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Efeslilere haty 6:15
- Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň, onsoň parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar. Pawlusyň minnetdarlygy Filipililere haty 4:9
- Onuň haçda dökülen gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, ýerdäki zatlar bolsun, Gökdäki zatlar bolsun ― baryny Özi bilen ýaraşdyrmaga razy boldy. Koloselilere haty 1:20
- Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün. Siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Minnetdar hem boluň. Koloselilere haty 3:15
- Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler. 1 Selaniklilere haty 5:3
- Ýaşlyk höweslerinden gaç. Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer. 2 Timoteosa haty 2:22
- Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak, mukaddes bolmak üçin tagalla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez. Ýewreýlere haty 12:14
- Goýunlaryň uly Çopany bolan Rebbimiz Isany ebedi ähtiň gany bilen ölümden direlden parahatlyk Hudaýy, Ýewreýlere haty 13:20
- Men saňa baýar ýaly, Menden ot bilen saplanan altyn geýnip, ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly ak egin-eşik, görer ýaly, gözleriňe çalar ýaly göz dermanyny satyn almagy maslahat berýärin. Ýakubyň haty 3:18
- Ýamanlykdan ýüz döndersin, ýagşylyk etsin, parahatlygy agtaryp, şonuň ugrunda gezsin. Petrusyň birinji haty 3:11
- Ýahýa gelen ylham 6:4