Şükür
- Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 16:8
- Rebbe şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň sadyk söýgisi baky. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 16:34
- Rebbe şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň sadyk söýgisi baky. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 16:35
- Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb, Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin. Zebur 26:6-7
- a Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak! On kirişli guralda we arfada, kinorda mukamlar çalyp, Zebur 92:1, 2
- Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly. Zebur 95:2
- Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň. Zebur 100:4
- şükür gurbanlaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin. Zebur 107:22
- Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza kinorda mukamlar çalyň! Zebur 147:7
- Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler. Men olary köpelderin, olar azalmaz, olara hormat goýduraryn, olar peselmez. Ýermeýa 30:19
- Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň». Danyýel patyşanyň düýşüni ýorýar Danyýel 2:23
- Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň, meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň, şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky! Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Amos 4:5
- Puç butlara sygynanlar Öz wepalylygyny terk etdiler. Ýunus 2:9
- Men Mesih Isada size berlen Hudaýyň merhemeti üçin, siz barada elmydam Hudaýa şükür edýärin. 1 Korintoslylara haty 1:4
- Sebäbi Hudaýyň merhemeti kän adamlar arkaly köpelip, Hudaýyň şöhratyna şüküri artdyrar ýaly, ähli zat siziň üçindir. 2 Korintoslylara haty 4:15
- Gaýgyly bolsak-da, hemişe şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zady ýok ýaly bolsak-da, ähli zada eýediris. 2 Korintoslylara haty 6:10
- Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder. 2 Korintoslylara haty 9:11
- Araňyzda edepsizlik, ýaňralyk, ýakymsyz ýaňsy bolmasyn. Bular ýaraşykly däldir. Munuň deregine şükür edilsin. Efeslilere haty 5:4
- Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň. Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür edip, Är-aýal gatnaşygy Efeslilere haty 5:19, 20
- Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Filipililere haty 4:6
- Bulary ýetmezçiligimiň barlygy zerarly diýmeýärin, çünki her hili ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim. Filipililere haty 4:11
- Koloselilere haty 2:7
- Dogada erjellik ediň, şükür edip ägä boluň. Koloselilere haty 4:2
- Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur. 1 Selaniklilere haty 5:18
- Hudaýyň ýaradan bar zady gowudyr, şükür bilen kabul edilse, hiç bir zat ret edilmeli däldir. 1 Timoteosa haty 4:4
- Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň. Ýewreýlere haty 13:15
- Ýahýa gelen ylham 7:12
- Ýahýa gelen ylham 11:17