Abortion


  • Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy. Gelip çykyş 1:27
  • Adam öldürme. Kanun taglymaty 5:17
  • Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme? Eýýup 31:15
  • Çagalar – Rebden bolan mirasdyr, ýatgynyň miwesi – Ondan sylagdyr! Zebur 127:3
  • Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň. Men Saňa öwgi aýdýaryn, çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň. Ajaýypdyr Seniň işleriň, muny juda oňat bilýändir kalbym. Pynhanlykda ýaradylan mahalym, ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym, Senden gizlin däldi meniň süňklerim. Zebur 139:13-15
  • Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy. Zebur 139:16
  • «Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim». Ýermeýa 1:5