Enelik


  • Ataňyň Hudaýydyr saňa medet berjek, Ýokardaky asmanyň bereketleri bilen, Ýer astyndaky çuňluklaryň bereketleri bilen, Ene göwsi hem ene ýatgysynyň berekedi bilen Gudratygüýçli Alla ýalkajakdyr seni. Gelip çykyş 49:25
  • Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy. Müsürden çykyş 1:7
  • Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer. Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz. Kanun taglymaty 7:13, 14
  • Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme? Eýýup 31:15
  • Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, ד dogrularyň nesli bereket tapar. ה Zebur 112:2
  • Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Zebur 113:9
  • Çagalar – Rebden bolan mirasdyr, ýatgynyň miwesi – Ondan sylagdyr! Zebur 127:3
  • Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň. Zebur 139:13
  • Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär. Zebur 147:13
  • Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär. Işaýa 40:11
  • Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin. Olar gök ýaýladaky otlar kimin, akar suwlar ýakasyndaky söwütler kimin boý alarlar. Işaýa 44:3, 4
  • «Burgusyz dogurdy, bir ogul dogurdy azap çekmän. Men dogurma pursatyna ýetibem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. Hudaýyň: «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär. Işaýa 66:7, 9
  • «Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim». Ýermeýa 1:5
  • Iman getiren aýal bagtlydyr! Çünki Reb tarapyndan oňa aýdylanlar ýerine ýeter». Lukanyň Hoş Habary 1:45
  • Aýal dogurjak wagty gam-gussa çekýändir, çünki sagady gelendir, ýöne dogranyndan soň, ol bir adamyň dünýä inendiginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar. Ýahýanyň Hoş Habary 16:21
  • Ýöne aýal salykatlylyk bilen, imanda, söýgüde we mukaddeslikde bolup, çaga dogurmak bilen gutular. 1 Timoteosa haty 2:15
  • Sara, ýaşy öten hem bolsa, göwreli bolmaga iman arkaly kuwwat tapdy, çünki ol wada beren Hudaýy ynamdar saýdy. Ýewreýlere haty 11:11