Çagalar


  • Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin Kanun taglymaty 6:7
  • Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz. Butlara sygynmaklyga garşy duýduryş Kanun taglymaty 12:28
  • olara şeýle diýdi: «Bu günki meniň size aýdan sözlerimiň ählisini ýüregiňizde saklaň. Çagalaryňyza buýruň, goý, olar bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirsinler. Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz». Musa Kengan ýurduny görýär Kanun taglymaty 32:46,47
  • Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!» Nehemýa 4:14
  • Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy. מ Zebur 34:11
  • Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen. Zebur 119:9
  • Ogullarymyz ýaş çagynda, ösümlik deý pajarlap össün. Gyzlarymyz köşgüň haşamlanan sütünleri deý bolsun. Zebur 144:12
  • Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla. Süleýmanyň pähimleri 3:1
  • Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir. Süleýmanyň pähimleri 3:12
  • Atam maňa şeýle öwretdi: «Sözlerimi ýüregiňe bagla. Buýruklarymy berjaý et, şonda ýaşarsyň. Danalyk al, paýhasa eýe bol. Aýdanlarymy unutma, sözümden çykma. Süleýmanyň pähimleri 4:4,5
  • Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly! Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň, ony harlamaň. Süleýmanyň pähimleri 8:32-33
  • Taýagyny gaýgyrýan adam ogluny ýigrenýändir, ony söýýän bolsa wagtynda terbiýe berýär. Süleýmanyň pähimleri 13:24
  • Umyt barka ogluňa temmi ber, ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme. Süleýmanyň pähimleri 19:18
  • Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar! Süleýmanyň pähimleri 20:7
  • Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz. Süleýmanyň pähimleri 22:6
  • Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr. Süleýmanyň pähimleri 22:15
  • Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma; terbiýe taýagy olary öldürmez. Süleýmanyň pähimleri 23:13
  • Ähli çagalaryň Rebden tälim alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar. Işaýa 54:13
  • Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýdi. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. Ýahýanyň Hoş Habary 21:15
  • Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň. Gul-hojaýyn gatnaşygy Efeslilere haty 6:4
  • Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin. Koloselilere haty 3:21
  • Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir. 1 Timoteosa haty 3:4
  • Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr. 2 Timoteosa haty 2:2
  • Ýaşlyk höweslerinden gaç. Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer. 2 Timoteosa haty 2:22
  • Ogullara: «Oglum, Rebbiň terbiýe berşini äsgermezlik etme, Ol saňa käýände ruhdan düşme!» diýip aýdylyşy ýaly, özüňize berlen bu öwüdi-de unutdyňyz. «Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, Ogullyga kabul edenini çalýandyr». Terbiýelenmek ugrunda kynçylyklara çydaýarsyňyz. Hudaý sizi Öz ogly kimin tutýar. Çünki haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär? Eger-de her kesiň alýan terbiýesi sizde ýok bolsa, onda siz ogul däl-de, nikasyz doglan oglanlarsyňyz. Mundan başga-da bize terbiýe beren dünewi atalarymyz bardy, biz olary syladyk. Şeýle bolsa, onda ruhlar Atasyna köpräk tabyn bolup ýaşamaly dälmi? Ýewreýlere haty 12:5-9
  • Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok. 3 Ýahýanyň Hoş Habary 1:4