Güýç


  • Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“ diýsin. Kanun taglymaty 20:4
  • Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!». Ýeşuwa halka buýruklar berýär Ýeşuwa 1:9
  • Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 28:20
  • Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 32:8
  • Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer». Nehemýa 8:10
  • Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň. Zebur 8:2
  • Ýa Reb, çyrama nur berýän Sensiň, Hudaýym ýagtyldýar meniň tümlügmi. Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin. Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok! Zebur 18:29, 30B, 32
  • Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys. Zebur 20:7
  • Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär. Zebur 21:1
  • Ýöne diriler ýurdunda Reb ýagşylygyny görjekdigime ynanýaryn men. Rebbe umyt bagla; mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň; Rebbe umyt bagla. Zebur 27:13, 14
  • Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin. Reb halkyň güýjüdir, seçip saýlanyň halas berkitmesi Oldur. Zebur 28:7, 8
  • Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir. ר Zebur 34:18
  • Reb Öz bendelerini halas edýändir, Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez. Zebur 34:22
  • Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar. Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar. נ Zebur 37:23, 24
  • Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr. Zebur 37:39
  • Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň, men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin. Jar edýänçäm geljek nesle güýç–kuwwatyňy, indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi, garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama. Zebur 71:17, 18
  • Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň, ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň, ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen. Beýgeldersiň meniň at-abraýymy, kalbyma berersiň Sen rahatlygy. Zebur 71:20, 21
  • Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm. Zebur 73:26
  • Bagtlydyr Senden kuwwat alýanlar, kalbynda Siýona eltýän ýoly arzuwlaýanlar! Olaryň kuwwaty barha möwjeýär, Siýonda Hudaýyň huzurynda häzir bolarlar. Zebur 84:5, 7
  • Ýürek gaýgylarymyň artan mahaly, Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär. Zebur 94:19
  • Reb – güýjüm hem-de aýdymym, Ol meniň Halasgärimdir. Zebur 118:14
  • Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber. Zebur 119:28
  • Ol darygan günümde meniň tesellim, çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär. Zebur 119:50
  • Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär. Zebur 138:7
  • Ruhum tapdan düşen mahaly, Sen bilýänsiň meniň ýolumy! Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular. Zebur 142:3
  • Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin, Işaýa 25:4
  • Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar, Işaýa 40:29
  • Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar. Işaýa 40:31
  • Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size. Işaýa 41:10
  • Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men—Reb olara jogap bererin, Ysraýylyň Hudaýy Men olary terk etmerin. Işaýa 41:17
  • Siýonda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara. Işaýa 61:3
  • Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder». Ýermeýa 5:14
  • Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez. כ Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder. כ Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez. ל Ýermeýanyň agysy 3:31-33
  • Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr. Zakarýa 10:12
  • Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr. Mattanyň Hoş Habary 10:20
  • Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi. Mattanyň Hoş Habary 19:26
  • Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz». Resullaryň Işleri 1:8
  • Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler. Resullaryň Işleri 4:13
  • Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris. Pawlusyň Rimlilere haty 8:28
  • Ýeri, muňa näme diýersiň? Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy? Pawlusyň Rimlilere haty 8:31
  • Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz ― gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr. 1 Korintoslylara haty 1:18
  • Sözüm hem wagzym ynsan akyldarlygynyň ynandyryjy sözlerine däl-de, siziň imanyňyz ynsan akyldarlygynda durman, Hudaýyň güýjünde durar ýaly, Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy. Hudaýyň akyldarlygy 1 Korintoslylara haty 2:4, 5
  • Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gujurly boluň! 1 Korintoslylara haty 16:13
  • Bir zady hamala özümizden ýaly saýmaga biziň özümiz ukyply däl-de, eýsem, ukybymyz Hudaýdandyr. 2 Korintoslylara haty 3:5
  • Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. 2 Korintoslylara haty 10:4
  • Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn. Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin. 2 Korintoslylara haty 12:9, 10
  • Mesih iman arkaly ýürekleriňizde ýaşar ýaly, Efeslilere haty 3:16
  • Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Efeslilere haty 6:10
  • Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar. Filipililere haty 1:6
  • Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn. Filipililere haty4:13
  • Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir. 2 Timoteosa haty 1:7
  • Çydasak, Onuň bilen bile höküm süreris. Ony inkär etsek, Ol hem bizi inkär eder. 2 Timoteosa haty 2:12
  • Eý balalar, siz Hudaýdansyňyz, ýalan pygamberleri ýeňensiňiz, çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:4