Bagt
- Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki Sen goraýarsyň olary, adyňa aşyklar Sende şat bolsun. Zebur 5:11
- Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: Sen huzuryňda doldurarsyň meni şatlykdan, Öz sagyňda hem – ebedilik begençden. Zebur 16:11
- Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň. Zebur 21:6
- Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler. Zebur 30:5
- Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar. Zebur 126:5
- Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly! Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar. Zebur 128:1, 2
- Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siýona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar. Işaýa 35:10
- Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer». Nehemýa 8:10
- Size bu zatlary Meniň şatlygym sizde bolsun we şatlygyňyz doly bolsun diýip aýtdym. Ýahýanyň Hoş Habary 15:11
- Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr. Pawlusyň Rimlilere haty 14:17