Ationaradylyş-ewolýusiýa


  • Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. Gelip çykyş 1:1
  • Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. Gelip çykyş 1:20
  • Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli-dümen suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. Gelip çykyş 1:21
  • Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. Gelip çykyş 1:24
  • Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi. Gelip çykyş 1:26
  • Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy. Gelip çykyş 1:27
  • Reb Hudaý ýeriň topragyndan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. Gelip çykyş 2:7
  • Çünki Reb Ýeri, Gögi, deňzi we olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi alkyşlap, ony mukaddes etdi. Müsürden çykyş 20:11
  • Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler, Gökdäki guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler. Ýerden sora, saňa öwreder ol, Deňziň balyklary saňa aýdyp bererler. Muny Rebbiň eliniň edendigini Bularyň haýsysy bilýän däldir? Eýýup 12:7-9
  • Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, Biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär. Eýýup 37:5
  • Baýyrlar onuň otlagydyr, Ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar. Ol gyrymsy agaçlar astynda, Gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar. Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar, Deräniň söwütleri ony gurşaýar. Derýa joşsa-da, ol eýmenmez, Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol arkaýyn. Eýýup 40:15-18
  • Sen ýaratdyň demirgazygy we günortany, Tabor, Hermon şatlykly taryplaýar Seniň adyňy. Zebur 89:12
  • Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy. Zebur 90:2
  • Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň. Zebur 104:30
  • Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi. Zebur 148:5
  • Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär: Işaýa 42:5
  • Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; Bularyň hemmesini edýän Men — Rebdir. Işaýa 45:7
  • Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, gögüň goşunlaryna buýruk berdim. Işaýa 45:12
  • Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur». Işaýa 45:18
  • «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez. Işaýa 65:17
  • Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys? Malaky 2:10
  • Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy". Markusyň Hoş Habary 10:6
  • Çünki ol günlerde şeýle bir muşakgat bolar welin, beýle muşakgat Hudaýyň bar eden ýaradylyşynyň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar. Markusyň Hoş Habary 13:19
  • Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Ýahýanyň Hoş Habary 1:3
  • Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär. Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy. Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular. Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler. Şonuň üçin, tenleri öz aralarynda betnam bolsun diýip, Hudaý olary ýürekleriniň haram keýpi içinde pislige tabşyrdy. Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn. Pawlusyň Rimlilere haty 1:20-25
  • Çünki ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar. Sebäbi ýaradylyş öz islegi bilen däl-de, ony tabyn Etdireniň islegi bilen puçluga tabyn boldy. Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bardy. Çünki biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris. Pawlusyň Rimlilere haty 8:19-22
  • Sebäbi erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradyldy. 1 Korintoslylara haty 11:9
  • Çünki biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris. Hudaýyň täze ýygnagy Efeslilere haty 2:10
  • Sebäbi Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary ― baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Koloselilere haty 1:16
  • Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň. Koloselilere haty 3:10
  • Bu ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy buýrar. 1 Timoteosa haty 4:3
  • Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir. Ýewreýlere haty 1:10
  • Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr. Atalarymyz Hudaýyň berekellasyny şunuň bilen gazandylar. Biz älemiň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris. Ýewreýlere haty 11:1-3
  • Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer. Çünki olar Gögüň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bihabarsyran boldular. Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi. Petrusyň ikinji haty 3:3-6
  • Ýahýa gelen ylham 3:14
  • Ýahýa gelen ylham 4:11
  • Ýahýa gelen ylham 10:6
  • Ýahýa gelen ylham 14:6-7