Çopan / ýolbelet


  • Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil, mallaryňa üns ber. Süleýmanyň pähimleri 27:23
  • Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin. Ezekiýel 34:11
  • Isa ikinji gezek ýene oňa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Ol-da Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. Ýahýanyň Hoş Habary 21:16
  • Men ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr. Şoňa görä, eken-de, suwaran-da hiçdir, diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir. 1 Korintoslylara haty 3:6, 7
  • Hudaýyň özüme berlen merhemetine görä, men akyldar ussa kimin binanyň düýbüni tutdum. Başga biri bolsa, onuň üstüni gurýandyr, ýöne her kişi nähili salşyna dykgat etsin. 1 Korintoslylara haty 3:10
  • Biz sizde ruhy zatlary ekip, sizden maddy zatlary orsak, bu bir uly zatmydyr? 1 Korintoslylara haty 9:11
  • Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar. 2 Korintoslylara haty 9:6
  • Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr. 2 Timoteosa haty 2:2
  • araňyzdaky Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl-de, isleg bilen, Petrusyň birinji haty 5:2