Şypa
- Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň. Leviticus 25:18
- Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar, Beýik Alla bütin gün onuň üstüne ganat gerer, Ol Rebbiň dagynda mesgen tutar». Kanun taglymaty 33:12
- Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, Garşyňdan duşmanlaryňy kowar, Olary saňa ýok etmegi buýrar. Kanun taglymaty 33:27
- Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Hökmürowan Reb, muny Özüň söz berdiň. Seniň pataň bilen, goý, guluňyň nesli baky pataly bolsun!». 2 Samuel 7:29
- Dawut Damaskda ýaşaýan aramlylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Aramlylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi. 2 Samuel 8:6
- Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 17:8
- Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň. Zebur 4:8
- Reb elmydama gözlerimiň öňünde, sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda. Zebur 16:8
- Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň wepaly söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz. Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri. Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwdar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary. Zebur 21:7-9
- Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär. ט Zebur 34:7
- Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy. Zebur 46:1
- Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar. Zebur 63:11
- Sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň. Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez. Zebur 91:9, 10
- Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur. Zebur 127:1
- Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek, Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek. Onuň duşmanlaryny ryswalyga bürärin, emma onuň depesindäki täç ýalkymyn saçar». Zebur 132:17,18
- Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän. Zebur 144:10
- Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar. Süleýmanyň pähimleri 3:26
- Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr, onuň çagalaryna-da pena bolar. Süleýmanyň pähimleri 14:26
- Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar. Süleýmanyň pähimleri 18:10
- At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir. Süleýmanyň pähimleri 21:31
- Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr. Süleýmanyň pähimleri 30:5
- Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez. Amos 3:7
- Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr. Efeslilere haty 6:11, 12