Şypa


  • Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men-Reb siziň şypakäriňizdirin». Müsürden çykyş 15:26
  • «Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň. 2 patyşalar 20:5
  • Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas eýleýär. שׁ Zebur 34:19
  • Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar, ähli dertleriňe Ol şypa berýär. Zebur 103:3
  • Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi. Zebur 107:20
  • Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar, Işaýa 40:29
  • Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk. Işaýa 53:5
  • Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Siýon, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr. Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Siýon, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr. Ýermeýa 30:17
  • Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin, şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz. Malaky 4:2
  • Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi. Mattanyň Hoş Habary 10:1
  • Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar: Meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar». Markusyň Hoş Habary 16:17-18
  • Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar. Lukanyň Hoş Habary 17:14
  • «Eneas, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýokaryk tur-da, ýorgan-düşegiňi düzet!» diýdi. Ol hem şobada ýokary turdy. Resullaryň Işleri 9:34
  • Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi. Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym. Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn. 2 Korintoslylara haty 12:7-9
  • Agsak aýak ýoldan çykman, şypa tapar ýaly, aýaklaryňyz üçin göni ýollar ýasaň. Hudaýy ret etmäň Ýewreýlere haty 12:13
  • Ýakubyň haty 5:14-16