Bermek


  • Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin». Gullary azat etmeklik Kanun taglymaty 15:11
  • Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla. Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar. Süleýmanyň pähimleri 3:9,10
  • Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama. Süleýmanyň pähimleri 3:27
  • Biri bar – paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar. Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler. Süleýmanyň pähimleri 11:24,25
  • Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez. Süleýmanyň pähimleri 21:13
  • Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy? Malaky 3:10
  • Saňa dileg salana ber, karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme». Duşmanlaryňyzy söýüň Mattanyň Hoş Habary 5:42
  • Mattanyň Hoş Habary 6:2-4
  • Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz". Mattanyň Hoş Habary 25:40
  • Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, pürepür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler». Lukanyň Hoş Habary 6:38
  • Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar. Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir. Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr. Şonuň ýaly hem: «Paýlap, garyplara berdi, Onuň dogrulygy baky galar» diýip ýazylgydyr. Ekýäne tohum, iýmäge çörek berýän Hudaý ekeniňizi hem boladyp artdyrar, dogrulygyňyzyň hasylyny ösdürer. Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder. Çünki bu hyzmaty ýerine ýetirmek diňe mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpelder. 2 Korintoslylara haty 9:6-12
  • Şonuň ýaly-da araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar. Munuň üçin toba et! Ýogsa tiz ýanyňa gelip, agzymyň gylyjy bilen olara garşy urşaryn. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene gizlin mannadan bererin. Ýene-de oňa bir ak daş bererin. Bu daşyň ýüzünde täze at ýazylgydyr. Ony daşy alandan başga hiç kim bilýän däldir». Tiýatiradaky ýygnaga Ýakubyň haty 2:15-17