Ösüş [ruhy]


  • Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, Meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn. Eýýup 23:10
  • Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar. Zebur 40:3
  • Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir. Süleýmanyň pähimleri 3:12
  • Küýzegäriň toýundan ýasaýan küýzesi elinde döwlende, ol öz isleýşi ýaly palçykdan başga bir küýze ýasady. Ýermeýa 18:4
  • Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin. Ezekiýel 22:14
  • Size täze ýürek we täze ruh bererin. Içiňizdäki daşdan bolan ýüregi aýryp, ýerine etden bolan ýürek bererin. Ezekiýel 36:26
  • Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin. Mattanyň Hoş Habary 7:24
  • Şonuň ýaly, täze şerap-da köne meşiklere guýulmaz. Şeýle edilse, meşikler ýarylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýlelikde, ikisi hem aýawly saklanýandyr». Direlen gyz, sagaldylan aýal Mattanyň Hoş Habary 9:17
  • Ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener. Lukanyň Hoş Habary 12:48
  • Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi. Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber». Lukanyň Hoş Habary 22:31, 32
  • Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin. Ýahýanyň Hoş Habary 3:30
  • Men size hakykatyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýalňyz galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. Ýahýanyň Hoş Habary 12:24
  • Mendäki miwe bermeýän her bir şahany Ol keser, miwe berýänini bolsa has-da köp miwe bersin diýip timarlar, tämizlär. Ýahýanyň Hoş Habary 15:2
  • Siz Mende galyň, Men hem sizde galaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şahanyň öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. Ýahýanyň Hoş Habary 15:4
  • Atanyň şöhraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi kimin, biz hem täzelenen ýaşaýyşda gezer ýaly, çokunma arkaly Onuň bilen bile ölüme gömlendiris. Pawlusyň Rimlilere haty 6:4
  • Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň. Pawlusyň Rimlilere haty 6:13
  • Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr. Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň. Pawlusyň Rimlilere haty 12:1, 2
  • Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar. Butlar we Rebbiň saçagy 1 Korintoslylara haty 10:13
  • Munuň üçin, biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär. Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär. 2 Korintoslylara haty 4:16, 17
  • Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr. 2 Korintoslylara haty 5:17
  • Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris. Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. 2 Korintoslylara haty 10:3, 4
  • Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn. Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin. 2 Korintoslylara haty 12:9, 10
  • Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň. Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň. Efeslilere haty 4:23, 24
  • Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar. Filipililere haty 1:6
  • Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn. Filipililere haty 3:13, 14
  • Imanyň oňat göreşini alyp bar. Ebedi ýaşaýşa ýapyş. Sen muňa çagyrylyp, ençeme şaýadyň öňünde imany oňat ykrar edensiň. 1 Timoteosa haty 6:12
  • Mesih Isanyň oňat esgeri bolup, meniň bilen bilelikde görgi gör. 2 Timoteosa haty 2:3
  • Ol hem gören zatlarynyň baryna, Hudaýyň sözüne, Isa Mesihiň şaýatlygyna güwälik edýär. Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr, çünki garaşylan wagt ýakyndyr! Ýedi ýygnaga salam Ýakubyň haty 1:2, 3
  • Birinji mahluk arslana meňzeýärdi, ikinji mahluk öküze, üçünji mahlugyň ýüzi adam ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeşdi. Ýakubyň haty 4:7
  • Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň. Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler. Petrusyň birinji haty 1:6, 7
  • Eý, söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän, eýsem, Mesihiň şöhraty görnende, uly begenç bilen şatlanar ýaly, Onuň görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň. Petrusyň birinji haty 4:12, 13