Bagyşlamak
- Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin. Leviticus 19:18
- Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda. Zebur 18:25
- Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň wepaly söýgiňi. Zebur 86:5
- Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa, şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar. Zebur 103:12
- Wepaly söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý. Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň. Süleýmanyň pähimleri 3:3,4
- Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn. Işaýa 43:25
- Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler. Mattanyň Hoş Habary 5:7
- Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar.Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz». Oraza Mattanyň Hoş Habary 6:14,15
- Onsoň Petrus gelip, Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» Isa oňa şeýle jogap berdi: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş ýola ýedi gezek diýýärin. Mattanyň Hoş Habary 18:21,22
- Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder». Mattanyň Hoş Habary 18:35
- Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, doga etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň. Markusyň Hoş Habary 11:25
- Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz. Lukanyň Hoş Habary 6:37
- Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar. Lukanyň Hoş Habary 23:34
- Aýal: «Eý Aga, hiç kim» diýdi. Isa: «Onda, saňa Men hem jeza bermeýärin, gidiber, ýöne indi günä iş etme» diýdi. Hak güwälik Ýahýanyň Hoş Habary 8:11
- Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň. Efeslilere haty 4:32
- Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň. Koloselilere haty 3:13
- Olaryň nädogrulyklaryna rehimli bolaryn, günälerini hiç haçan ýada salmaryn». Ýewreýlere haty 8:12
- Dykgat ediň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum galmasyn. Bir ajy kök gögerip, sizi ynjalyksyz etmesin, köp adamlar munuň bilen hapalanmasyn. Ýewreýlere haty 12:15
- Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 1:9