Üpjün etmek [Taňrynyň ýoly]
- RReb–meniň çopanym; pro men hiç zada mätäç bolmaryn. Zebur 23:1
- Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi. ל Zebur 34:10
- Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim. Zebur 37:25
- Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela Zebur 68:19
- Men – Reb, seniň Hudaýyň, çykardym Men seni Müsür ýurdundan. Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn. Zebur 81:10
- Çünki Beýik Hudaý – Günümiz we galkanymyz, Ol merhemet we şöhrat berýär; Ol dogry ýoldan ýöreýänlerden hiç bir ýagşylygyny gaýgyrýan däldir. Zebur 84:11
- Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň. Sen eliňi açýarsyň, ähli jandarlara islän zadyny berýärsiň. Zebur 145:15b,16
- Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr, emma ýaramazlaryň garny aç galar. Süleýmanyň pähimleri 13:25
- Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näzi-nygmatyny iýersiňiz. Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr. Hudaý Iýerusalimi höküm edýär Işaýa 1:19, 20
- Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar. Ezekiýel 34:26
- Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Zekatlaryňyzda we sadakalaryňyzda iýdiňiz! Siz näletlendiňiz, sebäbi siz Menden ogurlaýarsyňyz, bütin millet Menden ogurlaýar! Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy? Malaky 3:8-10
- Olar ýaly bolmaň, çünki Ataňyz size nämeleriň gerekdigini, Ondan dilemänkäňiz bilýändir. Mattanyň Hoş Habary 6:8
- Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Mattanyň Hoş Habary 6:33
- Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. Mattanyň Hoş Habary 7:7,8
- Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer! Mattanyň Hoş Habary 7:11
- Iman edip, doga bilen her näme dileseňiz, alarsyňyz». Isanyň ygtyýary Mattanyň Hoş Habary 21:22
- Onsoň Isa olardan: «Men sizi haltasyz, torbasyz we çaryksyz ýollanymda, kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler. Lukanyň Hoş Habary 22:35
- Şeýle, Reb hem Hoş Habary wagyz edýänleriň Hoş Habardan ýaşamagyny buýurdy. 1 Korintoslylara haty - 9:14
- Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar. Filipililere haty 4:19
- Çünki her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar. 1 Timoteosa haty 6:10
- Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 3:22
- Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 5:14,15