Gorkudan azatlyk


  • Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin? Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda meni gorar Öz penasynda hem-de gizlär Öz çadyrynda; Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar. Zebur 27:1,5
  • Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. ה Zebur 34:4
  • Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy. Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär. Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da, Zebur 46:1-3
  • Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn. Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin? Zebur 56:3,4
  • Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan, tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan. Zebur 91:5,6
  • Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar». ‎ Süleýmanyň pähimleri 1:33
  • Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň. Süleýmanyň pähimleri 3:24
  • Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň. Işaýa 35:4
  • Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size. Işaýa 41:10
  • Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr. Ýermeýa 1:8
  • Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin. Men muny, dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gysmasyn, gorkmaň. Ýahýanyň Hoş Habary 14:27
  • Çünki siz ýene-de gorky üçin gulluk ruhuny däl-de, ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen: «Abba, Ata» diýip seslenýäris. Pawlusyň Rimlilere haty 8:15
  • Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir. 2 Timoteosa haty 1:7
  • Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi. Ýewreýlere haty 2:14,15]
  • Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir. Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?» Ýewreýlere haty 13:5, 6
  • Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:18