Bap 4
Eý, söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň. Ruhlaryň Hudaýdandygyny bilmek üçin olary synap görüň, çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy.
2 Hudaýyň Ruhuny şundan tanarsyňyz: Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar edýän her bir ruh Hudaýdandyr.
3 Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar etmedik her bir ruh Hudaýdan däldir. Bu Mesihe garşy göreşijiniň ruhudyr. Siz onuň gelýänini eşitdiňiz, ol şu wagt hem eýýäm dünýädedir.
4 Eý balalar, siz Hudaýdansyňyz, ýalan pygamberleri ýeňensiňiz, çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr.
5 Olar dünýädendir; şu sebäpden hem olar dünýäniň nukdaýnazaryndan gürleýär, dünýä olary diňleýär.
6 Biz Hudaýdandyrys; kim Hudaýy tanaýan bolsa, bizi diňlär; kim Hudaýdan däl bolsa, bizi diňlemez. Biz hakykat ruhy bilen aldaw ruhuny şundan tanaýandyrys.
7 Eý, söýgüli doganlar, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr, her kim söýýän bolsa, Hudaýdan dogandyr, Hudaýy tanaýandyr.
8 Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanan däldir, çünki Hudaý söýgüdir.
9 Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin, Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi.
10 Biz Hudaýy däl, eýsem, Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur.
11 Eý, söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys.
12 Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý bizde galýandyr, Onuň söýgüsi bizde kämilleşendir.
13 Biziň Onda, Onuň hem bizde galýanyny Onuň Öz Ruhundan bize bereninden bilýäris.
14 Biz synladyk, Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberenine güwä geçýäris.
15 Kim Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän bolsa, Hudaý onda, ol hem Hudaýda galýandyr.
16 Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr.
17 Höküm gününde gaýratymyz bolar ýaly, söýgi bizde şeýle kämilleşendir, çünki Ol nähili bolsa, biz hem bu dünýäde şeýlediris.
18 Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir.
19 Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi.
20 Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez.
21 Bizde Onuň: «Hudaýy söýýän öz doganyny-da söýmelidir» diýen buýrugy bardyr.