Koloselilere haty

1 2 3 4


Bap 4

Eý hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň. Özüňiziň hem Gökde Hojaýynyňyzyň barlygyny biliň.
2 Dogada erjellik ediň, şükür edip ägä boluň.
3 Şonuň bilen birlikde Hudaýyň sözüni ýaýradyp, ugrunda meniň bendi bolan Mesihimiň syryny aýan eder ýaly, Hudaý bize bir gapy açsyn diýip, biziň üçin hem doga ediň.
4 Şeýlelikde, sözi edilmelisi ýaly aýan edeýin.
5 Pursatdan peýdalanyp, özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň.
6 Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun.
7 Rebde işdeşim, sadyk hyzmatkär, söýgüli doganymyz Tihikus men hakda size ähli zady habar berer.
8 Ol siziň hal-ýagdaýyňyzy bilip, ýüregiňize teselli berer ýaly, ýörite şonuň üçin,
9 sizden bolan sadyk we söýgüli doganymyz Onesimus bilen bile ony size ýolladym. Olar bu ýerde bolup geçýän zatlaryň hemmesini size aýdarlar.
10 Tussagda meniň bilen bile bolýan ýoldaşym Aristarkus bilen Barnabasyň ýegeni Markus size salam aýdýar. Markus baradaky buýruklary alansyňyz, barsa, ony kabul ediň.
11 Ýustus lakamly Ýeşu hem size salam aýdýar. Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän işdeşlerim bolan sünnetliler diňe şulardyr. Bular maňa teselli berdiler.
12 Özüňizden bolan, Mesih Isanyň guly Epafra size salam aýdýar. Ol Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär.
13 Men onuň siz barada we Laodikiýa bilen Iýerapolisdäkiler barada gaty yhlaslydygyna güwä geçýärin.
14 Söýgüli tebip Luka bilen Dima size salam aýdýar.
15 Laodikiýadaky doganlara, Nimfasa we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň.
16 Şu hat araňyzda okalandan soň, ony laodikiýaly imanlylar ýygnagyna hem okadyň. Siz hem Laokdikiýadan gelen haty okaň.
17 Arhipusa: «Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» diýip aýdyň.
18 Men Pawlus öz elim bilen bu salam hatyny ýazýaryn. Zynjyrlar bilen baglydygymy ýada salyň. Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn.