Filipililere haty

1 2 3 4


Bap 2

Şeýlelik bilen, Mesihde bolmakda teselli, söýgüden dogan göwünlik, Ruha şäriklik bar bolsa, ýürekden bir duýgy we rehimdarlyk bar bolsa,
2 onda bir pikir hem söýgüde, ruhda hem maksatda birleşip, begenjimi dolduryň.
3 Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem, kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň.
4 Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin.
5 Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun.
6 Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän,
7 gaýtam, gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi.
8 Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi.
9 Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi.
10 Ol muny Gökdäkileriň, Ýerdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin,
11 her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi.
12 Eý, söýgüli doganlar, şonuň üçin, mydama söze gulak asyşyňyz ýaly, diňe meniň barlygymda däl, has-da beter şu wagt ýoklugymda gorky hem titreme bilen öz gutulyşyňyzy amala aşyryň.
13 Çünki Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr.
14 Dünýäde yşyk kimin ýalpyldaýan egri hem azgyn nesliňiziň ortasynda aýypsyz, sap, Hudaýyň müýnsüz çagalary bolmak üçin,
15 ähli zady hüňürdisiz, jedelsiz ediň.
16 Men biderek ýere ýortmanlygym, biderek ýere zähmet çekmänligim üçin, Mesihiň gününde magtanar ýaly, ýaşaýyş sözüni gaýym tutuň.
17 Siziň imanyňyzyň gurbany we gullugy üstüne ganym Hudaýa hödürlenen şerap ýaly dökülse-de, men şatlanaryn, hemmäňiziň şatlygyňyza şärik bolaryn.
18 Şeýlelikde, siz hem şatlanyň, şatlygyma şärik boluň.
19 Men siziň hal-ýagdaýyňyzdan habarly bolup, göwnümi ynjaldaýyn diýip, size basym Timoteosy ýollamagy Reb Isada umyt edýärin.
20 Çünki siziň ýagdaýyňyz barada onuň ýaly oýlanyp, ýürekden aladalanjak başga adamym ýok.
21 Sebäbi hemmeler Isa Mesihiňkini däl-de, öz peýdasyny gözleýär.
22 Timoteosyň bolsa, atasynyň ýanynda işleýän oglan ýaly meniň bilen birlikde Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat etmek bilen, öz gadyr-gymmatyny subut edenini siz bilýänsiňiz.
23 Men ýagdaýymyň nähili boljagyny bilen badyma, ony ýollaryn diýip umyt edýärin.
24 Özümiň hem basym barjagyma Rebde ynamym bar.
25 Emma siz tarapdan iberilen, mätäçligimde maňa gulluk eden doganym, işdeşim hem söweşdeş ýoldaşym Epafroditi size ýollamagy zerur bildim.
26 Çünki ol hemmäňizi küýsäp, özüniň hassadygyny eşideniňiz üçin gaty gussa çekýärdi.
27 Dogrudan-da, ol ölüm ýassygynda ýatdy, ýöne Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem, gaýgy üstüne gaýgy çekmez ýaly, maňa-da rehim etdi.
28 Şeýlelikde, siz ony gaýtadan görüp begenersiňiz, onsoň meniň hem gaýgylarym ýeňlär diýip, ony howlukmaç ýollaýaryn.
29 Bütin şatlyk bilen ony Rebde garşylaň, onuň ýaly adamlary hormatlaň.
30 Çünki ol siziň maňa bolan gullugyňyzyň ýetmezini doldurjak bolup, janyny howp astyna sokup, Mesihiň işi ugrunda tas ölüpdi.