Sepanýa

1 2 3


Bap 1

Amonyň ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalyk sürýän döwründe Kuşynyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Amarýanyň çowlugy, Hizikiýanyň ýuwlugy Sefanýa Rebbiň şu sözi geldi.
2 «Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek.
3 Ynsanu-haýwany, Gökdäki guşlary, Deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, Ynsany ýer ýüzünden ýok etjek» diýýär Reb.
4 «Ýahuda, hatda Iýerusalima garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Maňa biwepalyk eden ruhanylary ýok ederin.
5 Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,
6 Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary Bu ýerden ýok ederin».
7 Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, Çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.
8 «Şol gurbanlyk güni Men hökümdarlary, şazadalary, Ýat adatlara eýerýänleri jezalandyraryn.
9 Şol gün galp hudaýlara sežde edýänleri, Öz hudaýlarynyň buthanasyny Zulum hem hileden Doldurýanlaryň baryny jezalandyraryn».
10 Reb şeýle diýýär: «Şol gün Balyk derwezesinden ahy-nala, Şäheriň täze böleginden dady-perýat, Baýyrlardan güňleç ses eşidiler.
11 Eý, bazaryň golaýynda ýaşaýanlar, perýat ediň! Ähli söwdagärleriňiz ýok ediler, Kümüş ölçeýänleriňiziň bary gyrlar.
12 Şonda Men Iýerusalimi Çyra bilen agtaryp, Düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, Içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ Diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.
13 Mal-mülkleri olja bolar, Jaýlary haraba döner, Jaý salynsalar-da Ýaşamazlar onuň içinde, Üzüm agaçlaryny oturdarlar, Emma olaryň şerabyndan içmezler».
14 Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol, Hasratlydyr Rebbiň şol güni, Batyr esger ajy perýat eder.
15 Şol gün – gazap güni, Betbagtçylyk, muşakgat güni, Weýrançylyk we harabalyk güni, Garaňkylyk we gam-gussa güni, Bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.
16 Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, Uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.
17 Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin, Olar kör adam kimin ýörärler, Ganlary suw deýin döküler, Bedenleri ders kimin çüýrär, Çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.
18 Rebbiň gazaply gününde, Altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary, Rebbiň gabanjaňlyk odunda Bütin dünýä ýanyp kül bolar, Çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny Gyryp ýok eder.