Nahum

Chapter: 1 2 3


Bap 2

Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, Galalaryňy gora, Ýoly garawulla, Biliňi berk guşap, Bar güýjüňi jemle.
2 Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, Üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.
3 Duşman söweşijileriň galkany çym gyzyldyr, Esgerleriniň lybasy goýy gyrmyzydyr, Taýýarlyk gününde söweş arabalarynyň tigirleri ot saçýar, Sosna naýzalar howada galgaýarlar.
4 Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar, Meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar, Şamçyraglar kimin şugla saçyp, Ýyldyrym deýin okdurylýarlar.
5 Ninewe şasy saýlama esgerlerini toplaýar, Olar ýolda büdreýärler, Hüjüm edýänler gala tarap okdurylýarlar, Germewler gurulýar.
6 Derýa derwezeleri açylýar, Köşk opurylýar.
7 Aýdylan berjaý boldy, şäher sürgün edildi, Kenizleri gumry deýin nalap, Gursaklaryna urdular.
8 Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, Emma yza bakýan ýokdur.
9 Kümşi talaň, Altyny talaň! Tükeniksiz hazyna! Ummasyz baýlyk!
10 Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, Hemmäniň süňňi sarsyp, Ýüzleri çuw ak bolýar.
11 Arslanlaryň sürenine, Ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, Çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?
12 Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, Ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, Gowaklaryny awdan, Sürenlerini oljadan doldurdylar.
13 Hökmürowan Reb: «Men saňa duşmandyryn» diýýär. «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, Ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, Ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, Çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla».