Ýowel

1 2 3


Bap 2

Siýonda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol.
2 Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köpsanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
3 Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdüryär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda – tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.
4 Olaryň sypaty atlaryňky deý, bedewler deý hüjüm edýärler.
5 Olar söweşe taýýar güýçli leşger dek, şöweş arabalarynyň takyrdaýşy dek, samany ýandyrýan ýalnyň şatyrdaýşy dek, dag depelerinden böküp aşýarlar.
6 Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.
7 Olar söweşiji deý hüjüm edýärler, esgerler deý dyrmaşýarlar diwara. Hersi barýar öňe öz ugry bilen, sowulmaýar olar öz ýodasyndan.
8 Iteklemeýärler birek-biregni, ýöreýär öz ýodasyndan her biri. Ähli böwetleri böwsüp geçýärler, olaryň badyny saklap bolmaýar.
9 Olar şähere tarap okdurylýarlar, ylgaýarlar diwarlaryň ýüzünden, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.
10 Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.
11 Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köpsanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?
12 Reb heniz hem aýdýar: agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.
13 Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň. Merhemetli hem rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, jeza bermekden el çekmäge taýyndyr Ol.
14 Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?
15 Siýonda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,
16 Halky ýygnap, jemagaty tämizläň, ýaşululary hem çagalary, hatda emýän bäbekleri çagyryň. Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan, gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.
17 Rebbe girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. Nämä gerek: „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, aýdylmagy arasynda milletleň». Reb Öz halkyny ýalkajak
18 Reb şonda gabandy Öz topragyny hem-de Öz halkyna indi rehimi.
19 Reb jogap berip, diýdi halkyna: Ynha Men size iberýän – Gallany, şeraby, zeýtun ýagyny, Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.
20 Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!
21 Eý toprak, gorkmagyn, şatlan hem begen. Sebäbi Reb etdi beýik işleri!
22 Gorkmaň siz, eý, çöl haýwanlary, sebäbi ýaşyldyr çöl ýaýlalary. Baglar getirýär öz miwesini, zeýtun hem-de üzüm berýär bol hasylyny.
23 Eý, Siýon perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
24 Harmanlar dolar galladan, çelekler hem dolup-daşarlar täze şerap bilen zeýtun ýagyndan.
25 Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň Öwezini dolaryn.
26 Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, gerk-gäbe doýarsyňyz olardan; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna aýdarsyňyz siz alkyşlar. Meniň halkym gaydyp utandyrylmaz.
27 Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaydyp utandyrylmaz.
28 Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.
29 Şol günlerde Men Ruhumy suw deý dökerin, hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne.
30 Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
31 Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
32 Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan gutular, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Siýon dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar.