Rebde dynç al
- Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi. Müsürden çykyş 33:14
- Olar galanyň çetine çykanlarynda, Şamuwel Şawula: «Hyzmatkäriňe aýt, goý, ol öňümizden ýöräbersin. Sen şu ýerde biraz aýak çek, men saňa Hudaýyň sözüni aýtjak» diýdi. 1 Şamuwel 9:27
- Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbi agtardyk. Biz Ony agtardyk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 14:7
- Gaharlanyp, günä galmaň siz: Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela Zebur 4:4
- Rebbe umyt bagla; mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň; Rebbe umyt bagla. Zebur 27:14
- Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. ה Zebur 37:7
- Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi. Zebur 40:1
- Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar. Zebur 46:10
- Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez. Zebur 55:22
- Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela Zebur 62:8
- Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar. Işaýa 26:3
- Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz. Işaýa 30:15
- Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr. Işaýa 32:17
- Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar. Işaýa 40:31
- Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly! Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz». Ýermeýa 17:7, 8
- Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir. Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin. Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Ýermeýa 29:11-13
- Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara gowudyr. ט Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr. ט Ýermeýanyň agysy 3:25, 26
- Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir». Mattanyň Hoş Habary 11:28-30
- Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar. Filipililere haty 4:7
- Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar. 2 Timoteosa haty 1:12
- Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr. Petrusyň birinji haty 5:7