Söýgi
- Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur». Dar gapy, giň gapy Mattanyň Hoş Habary 7:12
- Isa oňa şeýle diýdi: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý". Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý". Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr». Mesih kimiň ogly? Mattanyň Hoş Habary 22:37-40
- Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz". Mattanyň Hoş Habary 25:40
- Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi. Ýahýanyň Hoş Habary 3:16
- Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler». Petrusyň Isany inkär etjekdigi öňünden aýdylýar Ýahýanyň Hoş Habary 13:34, 35
- Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Ýahýanyň Hoş Habary 14:15
- Meniň buýruklarymy tutup, olary berjaý edýän Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men-de ony söýerin we oňa görnerin». «Ýa Reb, Sen Özüňi dünýä däl-de, bize görkezmek isleýärsiň welin, bu nähili bolýar?» diýip, Iuda (Iskariot däl) Ondan sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys. Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr. Ýahýanyň Hoş Habary 14:21-24
- Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur. Ýahýanyň Hoş Habary 15:13
- Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn. Pawlusyň Rimlilere haty 8:38,39
- Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň. Pawlusyň Rimlilere haty 12:9
- Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir 1 Korintoslylara haty 13:13
- Edýän ähli zadyňyz söýgi bilen bolsun. 1 Korintoslylara haty 16:14
- Çünki bütin kanun şu ýeke sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» Galatýalylara haty 5:14
- Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň. Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň. Koloselilere haty 3:13,14
- Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr. Petrusyň birinji haty 4:8
- Biz söýgini Onuň Öz janyny biziň üçin pida edeninden tanadyk; biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys. Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar? Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 3:16-18
- Eý, söýgüli doganlar, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr, her kim söýýän bolsa, Hudaýdan dogandyr, Hudaýy tanaýandyr. Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanan däldir, çünki Hudaý söýgüdir. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:7,8
- Eý, söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:11
- Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:19
- Bizde Onuň: «Hudaýy söýýän öz doganyny-da söýmelidir» diýen buýrugy bardyr. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 4:21