Bap 19
Soňra Pilatus Isany ýençmekligi buýurdy.
2 Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don geýdirdiler.
3 Ýanyna baryp: «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar.
4 Pilatus ýene daşaryk çykyp, olara: «Onda hiç bir ýazyk tapmanlygymy bilmegiňiz üçin, ine, Ony siziň ýanyňyza getirýärin» diýdi.
5 Isa başy tikenden täçli, gyrmyzy donly daşaryk çykdy. Pilatus olara: «Ine, ol Adam!» diýdi.
6 Baş ruhanylar we nökerler Isany görüp: «Haça çüýläň, haça çüýläň!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň, çünki men Onda hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.
7 Ýehudylar oňa şeýle jogap berdiler: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, çünki Ol Özüne Hudaýyň Ogly diýýär».
8 Bu sözleri eşiden Pilatus has-da gorkdy.
9 Ol ýene hökümet köşgüne girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi.
10 Pilatus Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmeýärsiňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bilýärsiňmi?» diýdi.
11 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Saňa ýokardan berilmedik bolsa, Maňa hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin-de, Meni seniň eliňe bereniň günäsi has-da uludyr».
12 Şondan beýläk Pilatus Isany boşatmaga synanyşdy, ýöne ýehudylar gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen kaýsaryň dosty dälsiň, kim-de kim özüni patyşa etse, ol kaýsara garşydyr» diýdiler.
13 Pilatus bu sözleri eşidende, Isany daşaryk çykaryp, Daşly Meýdançada, iwritçe Gabbata diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy.
14 Pesah baýramyna taýýarlyk güni günortana golaý Pilatus ýehudylara: «Ine, patyşaňyz!» diýdi.
15 Olar: «Ýok et, ýok et, Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýdi. Baş ruhanylar: «Biziň kaýsardan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.
16 Onsoň Pilatus haça çüýlemek üçin Isany olaryň ygtyýaryna berdi. Olar Isany alyp gitdiler.
17 Isa Öz haçyny göterip, Kelleçanak ― iwritçe Golgota diýilýän ýere çykdy.
18 Ol ýerde Ony we Onuň ýanynda ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri Onuň bu tarapynda, beýlekisi ol tarapyndady, Isa bolsa ortadady.
19 Pilatus bir tagtanyň ýüzüne: «NASYRALY ISA, ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazdy-da, haçdan asdy.
20 Ýehudylaryň köpüsi bu ýazgyny okadylar, çünki Isanyň haça çüýlenen ýeri şähere ýakyndy. Bu ýazgy iwritçe, grekçe we latynça ýazylypdy.
21 Ýehudylaryň baş ruhanylary Pilatusa: «„Ýehudylaryň patyşasy" diýip ýazma-da, „Bu Adam: Men ýehudylaryň patyşasydyryn diýdi" diýip ýaz» diýdiler.
22 Pilatus olara: «Ýazjagymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berdi.
23 Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini alyp, her esger üçin bir paý edip dört böldüler. Ýene bir köýnek bardy. Bu köýnek tikilgi däl-de, tutuşlygyna dokalgydy.
24 «Egin-eşigimi özara paýlaşdylar, eşigim üçin bije atdylar» diýen Ýazgy berjaý bolar ýaly, esgerler: «Muny ýyrtman, bije atyşalyň, kime düşse, şonuňky» diýişdiler. Şeýle hem etdiler.
25 Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi we ejesiniň aýal dogany, Kleopasyň aýaly Merem we magdalaly Merem durdy.
26 Isa ejesini, onuň ýanynda Özüniň gowy görýän şägirdiniň duranyny görüp, ejesine: «Eý hatyn, ine, seniň ogluň» diýdi.
27 Onsoň şägirde: «Ine, seniň ejeň» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
28 Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.
29 Şol ýerde sirkeden doly bir gap durdy. Esgerler bir gubkany sirkä batyrdylar-da, naýza dakyp, Onuň agzyna tutdular.
30 Isa sirkäni dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi-de, başyny egip jan berdi.
31 Sabadyň öň ýanyndaky taýýarlyk güni bolansoň, jesetler Sabat güni haçda galmasyn diýip, (çünki Sabat güni möhüm gündi) ýehudylar Pilatusdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler.
32 Şeýlelik bilen, esgerler baryp, birinjiniň we onuň bilen bile haça çüýlenen beýlekiniň injiklerini döwdüler.
33 Ýöne Isanyň ýanyna gelip, eýýäm ölendigini görenlerinde, olar Onuň injiklerini döwmediler.
34 Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şol bada-da gan we suw çogduryldy.
35 Gören şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siz iman eder ýaly, özüniň dogry aýdýanyny bilýändir.
36 Çünki bu iş «Onuň hiç bir süňki döwülmez» diýen Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin boldy.
37 Başga bir Ýazgyda bolsa «Bedenini dilen Adamlaryna serederler» diýilýär.
38 Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýehudylardan gorkup, muny ýaşyrýan arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan aýyrmaga Pilatusdan rugsat sorady. Pilatus muňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan aýyrdy.
39 Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodimos-da ýüz gadaga golaý garyşyk mür we sarysabyr ýagyny alyp geldi.
40 Olar Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň jaýlama adaty boýunça, Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar.
41 Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag we bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy.
42 Ýehudylaryň Sabada taýýarlyk güni bolany üçin Isany şol ýerde goýdular, çünki mazar ýakyndy.