Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 18

Bu zatlary aýdansoň, Isa şägirtleri bilen bile Kidron çaýynyň aňyrsyna gitdi. Ol ýerde bir bag bardy. Isa şägirtleri bilen bile şol baga girdi.
2 Oňa haýynlyk eden Iuda-da ol ýeri bilýärdi, çünki Isa şägirtleri bilen, köplenç, şol ýerde duşuşardy.
3 Şonuň üçin-de Iuda bir topar esger bilen birlikde, baş ruhanylardan we fariseýlerden serkerdeler alyp, panusly, çyraly we ýaragly şol ýere bardy.
4 Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilensoň, öňe çykyp, olara: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýdi.
5 Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Ol ― Men» diýdi. Oňa haýynlyk eden Iuda-da olar bilen bile durdy.
6 Isa olara «Ol ― Men» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar.
7 Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar-da: «Nasyraly Isany» diýdiler.
8 Isa olara: «Men size „Ol ― Men" diýdim ahyryn, Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi.
9 Isa muny «Maňa berenleriňiň hiç birini ýitirmedim» diýen sözi berjaý bolsun diýip aýtdy.
10 Şol wagt Simun Petrus ýanyndaky gylyjy syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy.
11 Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren käsesini içmäýinmi?» diýdi.
12 Onsoň esgerler, olaryň baştutany we ýehudylaryň nökerleri Isany tutdular we daňdylar.
13 Ony ilki Hannanyň ýanyna alyp bardylar. Hanna şol ýylky baş ruhany Kaýafanyň gaýynatasydy.
14 Halk üçin bir adamyň ölmegi ýagşydyr diýip, ýehudylara maslahat beren hem Kaýafady.
15 Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi.
16 Ýöne Petrus daşarda gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşaryk çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içerik saldy.
17 Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Sen-de bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýdi. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.
18 Howanyň sowuklygy üçin hyzmatkärler we nökerler ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.
19 Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri, taglymaty hakda sorag edýärdi.
20 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Men dünýä aç-açan aýtdym. Hemişe ýehudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda, ybadathanada sapak berdim, gizlin zat aýtmadym.
21 Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora, ine, olar Meniň näme aýdanymy bilýändir».
22 Bu zatlary aýdanda, şol ýerde duran nökerleriň biri: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýip, Isanyň dulugyna urdy.
23 Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, nädogrydygyny subut et, eger-de dogry aýdan bolsam, onda, näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi.
24 Onsoň Hanna Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.
25 Simun Petrus ol ýerde ýylynyp durdy. Oňa: «Sen hem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýdiler. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi.
26 Petrusyň gulagyny kesen adamynyň garyndaşy, baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri: «Men seni bagda Onuň bilen görmedimmi?» diýdi.
27 Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.
28 Onsoň Isany Kaýafanyň ýanyndan hökümet köşgüne alyp bardylar. Daňdandy. Arassaçylyk düzgünini berjaý etmek hem-de Pesah naharyny düzgün boýunça iýmek üçin, ýehudylar hökümet köşgüne girmediler.
29 Şeýlelikde, Pilatus olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady.
30 Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler.
31 Pilatus olara: «Beýle bolsa, Ony alyň-da, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryň» diýdi. Ýehudylar Pilatusa: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler.
32 Şeýlelik bilen, Özüniň nähili ölüm bilen öljegi barada Isanyň yşarat edip aýdan sözleri berjaý bolmalydy.
33 Pilatus ýene hökümet köşgüne girdi-de, Isany çagyryp Oňa: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýdi.
34 Isa oňa: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa Men hakda başgalar saňa aýtdymy?» diýdi.
35 Pilatus Isa şeýle diýdi: «Eýsem men ýehudymy? Seni Öz halkyň bilen baş ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme etdiň?»
36 Isa şeýle jogap berdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl. Eger-de Meniň patyşalygym bu dünýäden bolan bolsa, onda hyzmatkärlerim Meni ýehudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler, ýöne Meniň patyşalygym bu ýerden däl».
37 Pilatus Oňa: «Onda, Sen patyşamy?» diýdi. Isa şeýle jogap berdi: «Meniň patyşadygymy özüň aýdýarsyň. Men hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir kişi Meniň sesimi eşider».
38 Pilatus Oňa: «Hakykat näme?» diýeninden soň, ýene ýehudylaryň ýanyna baryp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.
39 Ýöne adatyňyz boýunça, Pesahda men bir tussagy boşatmalydyryn. Siz ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi.
40 Olar ýene gygyryşyp: «Ony däl, Barabbasy!» diýişdiler. Barabbas bolsa bir garakçydy.