Bap 8
Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär.
2 Hudaýyň adyndan ant içendigiň üçin, patyşanyň tabşyryklaryny sakla.
3 Patyşanyň huzuryndan çykmaga howlukma, ýaman işiň tarapdary bolma, çünki patyşa islan zadyny edýändir.
4 Patyşanyň sözi güýçlidir. Kim oňa, «Näme edýärsiň?» diýip biler?
5 Tabşyrygy berjaý edýäne zelel ýetmez; dana adamyň ýüregi haçan näme etmelidigini bilýändir.
6 Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwrüti bardyr.
7 Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?
8 Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.
9 Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.
10 Soňra men pisleriň jaýlananyny gördüm: olar mukaddes ýere gelip-giderdiler, eden pislikleri üçin şäherde taryplanardylar. Bu-da biderek.
11 Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.
12 Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
13 Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.
14 Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin.
15 Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.
16 Men paýhasy bilmegi, ynsanyň gözleriniň gije-gündiz uky görmän, ýer ýüzünde edýän işini öwrenmegi niýetime düwdüm.
17 Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.