Bap 10
Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr.
2 Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarap.
3 Akylsyz ýolda ýörände-de, düşünjesi kemlik edýändir, ol akmakdygyny hemmelere äşgär edýändir.
4 Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir.
5 Günüň astynda ýene-de bir ýamanlyk gördüm. Bu hökümdar tarapyndan goýberilýän säwlikdir:
6 Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar.
7 Men at münýän gullary, gullar ýaly pyýada ýöreýän hökümdarlary gördüm.
8 Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr.
9 Daş kesýäne daşlardan şikes ýeter; odun aýyrýan özüne howp salar.
10 Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir.
11 Eger ýylan owsunmazdan öň çaksa, owsunçynyň peýdasy ýokdur.
12 Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.
13 Dilindäki sözleri akmaklyk bilen başlanyp, ýaman telbelik bilen gutarýar.
14 Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?
15 Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir.
16 Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!
17 Şasy asylzada, hökümdarlary serhoşluk üçin däl-de, güýçlenmek üçin öz wagtynda meýlis gurýan ýurt bagtlydyr!
18 Ýaltalyk zerarly üçek çökýändir, işsiz eller zerarly öýe suw geçýändir.
19 Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.
20 Hatda içiňden-de patyşa gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.