2 Selaniklilere haty

1 2 3 4


Bap 3

Şuny bil, soňky günlerde kyn pursatlar bolar.
2 Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum,
3 doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar.
4 Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýýän,
5 Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar. Beýle adamlardan arany aç.
6 Çünki ogrynça öýlere girip, günäler bilen ýükli, dürli höwesler bilen äkidilýän,
7 hemişe öwrenip-de, hiç haçan hakykat bilimine ýetip bilmeýän gowşak aýallary tussag edýän adamlar bulardandyr.
8 Ýannis bilen Ýambris Musa nähili garşy duran bolsa, bular-da, şonuň ýaly, hakykata garşy durýar. Olar pikirleri zaýalanan, imanda ret edilen adamlardyr.
9 Emma ýene ilerläp bilmezler. Çünki öňküler ýaly bularyň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar.
10 Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy, maksadymy, imanymy, sabrymy, söýgimi, çydamymy,
11 gören azardyr görgülerimi, meselem, Antakiýa, Konýa we Listrada başymdan geçenleri berk yzarladyň. Men nähili azarlara döz geldim! Reb meni hemmesinden gutardy.
12 Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker.
13 Emma erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär.
14 Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal.
15 Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýärsiň.
16 Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly,
17 öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.